Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

MALA  SERETMEZ

MALA  SERETMEZ


Owwal-a mal ýagşy, maldan baş ýagşy,

Baş döletin tapan mala seretmez.

Dogmadyk oguldan dogan daş ýagşy,

Nadan ogul atasyna seretmez.


Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz,

Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz,

Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz,

Garşy  bakar,  peýkam-ýaýa  seretmez.


Dünýä görki, näzeninler, ne janlar,

Nadana ýolukdy türpe  jenanlar.

Ýardan galan, äri ölen juwanlar

Goç ýigidi gözlär, baýa seretmez.


Magtymguly, garyp göwnün  baý edip,

Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,

Her kim öz ýaryny dogan aý edip,

Aýyn gözlär, özge aýa seretmez.