Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JANYNA DEGMEZ

JANYNA DEGMEZ


Eý ýaranlar, bir bigaýrat ýigidiň,

Mün ýaman söz aýtsaň, janyna degmez,

Zynhar düşmäň  namartlaryň goluna,

Öldürseň-de, nähak ganyna degmez.


Söz bilmeseň, bileniňi aýtmasaň,

Söz sözledip, söz aslyna ýetmeseň,

Ýaý çekende, dogry garap atmasaň,

Ol okuň nyşanaň ýanyna degmez.


Magtymguly, sözün bilene sözdür,

Bilmedik  adama  gury  owazdyr.

Adam bar, müň tümen iýdirseň azdyr,

Bardyr, adam iýen nanyna degmez ,