Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

IL  BILÄNI

IL  BILÄNI


Belent daglaryň  başynda,

Bulut oýnar sil  biläni,

Goç   ýigide toýdur-baýram,

Her iş gelse il biläni.


Dil bilenler güň bolupdyr,

Altyn, kümüş zeň bolupdyr,

Peşe kaçan deň bolupdyr,

Ugraşanda pil biläni.


Otlaga gaçar buzawlar,

Öňün başlar ýagşy gäwler,

Tanalar ol has bedwler,

Köne ýyrtyk jul biläni.


Hak bendesi haka çapar,

Ýaman öz pälinden tapar,

Magtymguly aýbyn ýapar,

Iş kylyjy dil biläni.