Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AŞYK   BOLMUŞAM

AŞYK BOLMUŞAM


Eý ýaranlar, bir ýüzi gül, aýa aşyk bolmuşam,

Barçalar maksudy gül ragnaýa aşyk bolmuşam,

Bilbilem bag içre, bir gowgaýa aşyk bolmuşam,

0zi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam.

Menzilem bag içredir, sähraýa aşyk bolmuşam.


Istemez ýarym meni, ol ýara zarym ýok meniň.

Galmyşam haýran olup, gaýry mydarym ýok meniň,

Aldy janym yşkyň oldy, ygtyýarym ýok meniň,

Gelse, aklym dagydar, gitse kararym ýok meniň,

Kirpigi ok, gaşlary ol ýaýa aşyk bolmuşam.


Aýdadyr Magtymguly, men anda käne ugradym,

Seýil edip bardym, pelekde lamekana ugradym,

Çün meni ryswa kylypdyr, yşky käne ugradym,

Ýetmiş iki şäher ile müň bir dükana ugradym,

Şunça sergezdan sepilu-zaýa aşyk bolmuşam,