Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BOŞ   GITMEK

BOŞ   GITMEK


Tagamyň lezzetin alar

Dahanyňdan diş gitmek!

Aňyrsyzy  azdyrar,

Götin döwlet baş gitmek.


Peltesiz ýag çyraga,

Yşyk salmaz gyraga,

Ilin salar aýaga,

Aýak galyp, baş gitmek.


Niçe pese zar bolup,

Ýatandan bimar bolup,

Hoşdur ýagşa ýar bolup,

Bir ýamandan daş gitmek.


Ulaşmaganlar gama,   

Şükür etmezler bu deme,

Abraýdyr adama,

Ýagşy gelip, hoş gitmek.


Ýaman til dost ýitirer,

Hoş söz  rahmet getirer,

Äre sangy ýetirer,

Kyrkdan agyp, ýaş gitmek.


Pyragy, dünýä  düýşdür,

Düýş görseň düýbi hiçdir,

Jahanda  ýaman işdir,

Gury gelip, boş gitmek.