Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÇATYP BOLMAÝAR

ÇATYP BOLMAÝAR\


Beýik dagyň başyndaky üç agaç —

Düýbi bir bolmasa, çatyp bolmaýar,

Dagda ýatan düýe ýaly daşlary,

Gol bilen göterip atyp bolmaýar.


Kelte diňden bolmaz beýik minara,

Ýaman heleý duşsa bir ýagşy äre —

Başyn kesip, ganyn döküp kenara,

Ýa öldürip, ýa-da satyp bolmaýar.


Il içinde seniň ulalsa,adyň,

Seni  ýaman görmez ýakynyň-ýadyň,   

Goluňda bolmasa bir gerek zadyň,

«Meniňki» diýip, başyn tutup bolmaýar.


Pakyrlar mal istär, baýlar zer diýer,

Ýekeje eşekliz atym-ner-diýer,

Dünýäge doýmak ýok,  ýene  ber— diýer,

Keňül maksadyna ýetip bolmaýar.


Her kim elin gerer pany jahana,

Saglykda şypa ber bu şýrin jana,

Bu dünýä  bil baglan galar zyýana,

Dünýä dostlugyna bitip bolmaýar.


Magtymguly, pendiň alan bolmasa,

Nesihata gulak  salan  bolmasa,

Ýigit köňül söýenini  almasa,

Dynç alyp, parahat ýatyp bolmaýar.