Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GARA  REŇ  BOLAR.

GARA  REŇ  BOLAR.


Hozuň daş gabygyn, gülälek  suwun,

Garyp saça çalsaň, gara reň bolar,

Içiň şerden sakla, giliň gybatdan,

Saklamasaň köňul gözgiň zeň bolar.


Her kişi kim ýamanlykny kast eýlär,

Iki dünýä öz işine köst eýlär,

Ýagşy gylyk duşmanyňny dost eýlär,

Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar.


Adam ogly,  awaradyr, asydyr,

Bir söz diýseň, ýagşy äriň besidir.

Bilip  bolmaz, hakyň dosty  kaýsydyr,

Alkyş alsaň, mydam işiň oň bolar.


Magtymguly, sözüm gysga,  şerhi köp,

Bilmeze —  hiç,  bilenlere — nyrhy  köp.

Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,

Muşgil oldur, sözleşende deň bolar.