Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BOLAR SEN

BOLAR SEN


Belent daglar, beýikligňe buýsanma,

Göweçde suw bolan zer dek bolar sen,

Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,

Wagtyň  ýetse, guryp, ýer dek bolar sen.


Daglaryň  arslany, babyr-peleňi,

Ahyry deň bolar  pil, peşe jeňi,

Jeýhun derýasynyň, Niliň näheňi,

Gulagyna urlan har dek bolar sen.


Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,

Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,

Zalymlar har bolar, galar aýakda,

Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen.


Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,

Dür bolsun daýyma, sözlegen sözüň,

Alymlara uýsaň açylar gözüň.

Jahyllara uýsaň, ker dek bolar sen.


Magtymguly, garap sözle daşьщny,

Jaýyn bilip sarp et, bolsa aşyňny,

Kämil tapsaň, goý iolunda başьщny,

Är ýaňynda gezseň, är dek bolar sen.