Hiç köňül şatlygy çykmaz,
										Bir könül ýykmaýan ärden,
										Ýagşylyk tamasyn etmäň,
										Ýamanlyk çykmaýan ärden.
										
										
										Kimse ile beglik eder,
										Bir söý bilen ýola gider,
										Kethudalyk ýyrak gider,
										Ýaman söz çekmeýen ärden.
										
										
										Ýagşy är il aýbyn açmaz,
										Göre-bile haram içmez,
										Ýaradan ýazygan geçmez,
										Gözýaşyn dekmeýen ärden!
										
										
										Öz-özünden  akly ýetmez,
										Akyllar  sözüni  tutmaz,
										Garyplyk  ýok bolup  gitmez,
										On iş derk etmeýen ärden.
										
										
										Ýigitlere ýasaw güni —
										Gurda goýmaz şir awuny,
										Pygamber bizar ýow güni,
										Eldaşa bakmaýan ärden.
										
										
										Magtymguly,  ýangyl,  öçgül,
										Ýa lal otur; ýa dür saçgyl!
										Bir guýruksyz itdir, gaçgyl,
										Nesihat ýokmaýan  ärden.