Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BOÝLARYŇA

BOÝLARYŇA


Iörseň,    ýarym, guwanar  men

Serwi kamat boýlaryňa.

Gülden puşeş ýaraşypdyr,

Ajap rahat boýlaryňa.


Görsem   roýuň, ýok  armanym,

Sensiz  hazan  ursun  janym,

Ykbalym,  dinim-imanym,

Kylsam hormat boýlaryňa.


Yşkyň bilen men dat eýlap,

Öwrenip men, adat eýläp,

Ömür-ahyr  perýat eýläp,

Ýetmez lahat boýlaryňa.


Gören aşyk geda bolar,

Il-gününden jyda bolar.

Magtymguly, pida bolar,

Din-keramat boýlaryňa.