Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

KÖP BOLSA

KÖP BOLSA


Akylsyzlar akyl gözlär, zeýrener,

Akyl bolan diýer: «Aklym köp bolsa

Mert ýigitler gylyjyna daýanar,

Namart tutabilmez, golda çöp bolsa.


Sen bardyr, hasapsyz bolan pidalar,

Her günüň pikir eýlär ýören gedalar,

Haznasyn dolduran berkarar şalar,

Gunde bir öýlener, keýpi  kök bolsa.


Namart gorkar goç ýigidiň adyndan,

Öýünde telmurar  merdiň badyndan,

Dertli gullar ömür salmaz ýadyndan,

Lukmanyny, kylan emi  nep bolsa.


Dert zyýat bolmasa, dertli samramaz,

Ýetse akyl, biakyllar ýaňramaz,            .

Misgin düşen Magtymguly eňremez,

Ýüreginden gam-gussalar dep bolsa.