Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝARYŇ ÝAGŞYSYN

ÝARYŇ ÝAGŞYSYN


Gawunyň ýagşysyn şagal iýr bolsa,

Namarda duş etdiň, ýaryn  ýagşysyn;

Hak her kime haýyr-döwlet biýr bolsa,

Patyşa  bagş etdiň zeriň ýagşygyn.


Binamysy dertden aman eýlediň,

Baran jaýyn  meýlis-mekan eýlediň,

Durnagöz  mesgeni  umman eýlediň,

Hindige  bagş eýläp ýeriň ýagşysyn.


Periler oýnaýan ajap çaglarda,

Gül, bilbil bendidir Erem baglarda,

Gara daşly, gudraty köp daglarda,

Mekan eýläp goýduň garyň ýagşysyn.


Şatlar aglar boldy — bagryn baş etdiň,

Aklyn aldyň, kör eýlediň, läş etdiň,

Magtymguly, diý ne ajap iş etdiň?

Ýamana duş kylyp äriň ýagşysyn.