Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SAZYNA   DEGMEZ

SAZYNA   DEGMEZ


Oýunyň lezzetin bilmeýen adam,      

Hünärli ýigidiň sazyna degmezz

Bet syýakly, bethüý bolan pis adam,

Perizadyň eden näzine degmez.


Bimagnynyň sözi jaýyňdan öter,

Gybat edip, özi günäge batar,

Ýamanyň zyýany iline ýeter,

Nadanyň peýdasy özüne degmez.


Adam bardyr, ony şalar çagyrdar,

Adam  bar, zulm  edip, garyp  agyrdar,

Adam bardyr, körpe ýanyn agyrdar,

Adam bardyr, şal-kiz ýanyna degmez.


Muhannesiň  bolmaz namysy, aňy,

Bir söweş gününde eýlemez jeňi,

Aga-begler, muhannesiň on müňi,

Mert-ähliniň alty ýüzüne degmez.


Magtymguly, döwran soňudyr adam,

Lahat atly öýge goýar sen gadam.

Many söz  aňlamaz, biakyl  adam,

Danalaryň aýdan sözüne degmez.