Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

MERT   BOLMAZ

MERT   BOLMAZ


Mert ýigit mert ärden öner,

Namart asyl-ha mert bolmaz,

Gurduň gözünde ot ýanar,

Şagal-tilki gurt bolmaz.


Sözlegil  bileniň  tilden,

Bilbil aýra düşse gülden,

Eşit adam, dogan ilden

aýry mähriban ýurt  bolmaz.


Bü älem ajaýyp bolsa,

Dünýä ýüzi nurdan dolsa,

Ozal taňry  rehim  kylsa,

Ne ten ne janda dert bolmaz.


Magtymguly, akyl-huşuň,;

Akdy gözden ganly ýaşyň,

Ellä ýetdi gamly başyň

Mundan gaýry  perýat bolmaz.