Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÄR ÝANYNDA BELLIDIR

ÄR ÝANYNDA BELLIDIR,


Ýagşylygy  pis  bilmez,

Är ýanynda bellidir.

Görer  gözüň gymmaty,

Kör ýanynda bellidir,


Däli  köňül daýanjy,

Ýokdur dünýä ynanjy, 

Sag gulagyň guwanjy,

Ker ýanynda bellidir.


Eger pir sen, eger ýaş,

Kylma syryň halka  paş,

Syr saklaýan mähek daş,

Zer  ýanynda  bellidir.


Bu dünýäniň myrady,

At,  zagyfdyr,   zürýady,

Arwananyň kuwwaty,

Ner   ýanynda   bellidir.


Bolsa  gamdan  halasym,

Ýaza  dönse gyş paslym,

Magtymguly, yhlasym,

Ýar ýanynda  bellidir.