Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AÝRYLDYM

AÝRYLDYM


Bilbilem, ahy-zar çekip,

Täze gülzardan aýryldym,

Gözden ganly ýaşym döküp,

Ol söwer ýardan aýryldym...


Aýryldym gunça gülümden,

Syýa saçy sünbülimden,

Hoş owazly bilbilimden,

Şirin güftardan aýryldym.


Illeri bar diňli-diňli,

Sowuk suwly, ter öleňli,

Ili-gökleň ady-Meňli,

Näzli dildardan aýryldym.


Magtymgulý, aşyk mestan,

Bagladym  şanyňa  destan,

Menzilgähi bagy-bostan,

Almaly, nardan aýryldym.