Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JANAN  BOLARMY?

JANAN  BOLARMY?


Däli köňlüm, bir nesihat eýläýin,

Jan diýmegil, beýle janan bolarmy?

Bir sözüň ornunda söýleý bilmeýen,

Adam diýen beýle ynsan bolarmy?


Mutyg bolup, öz ornuny tutmaýan,

Göwher  alyp, bazarynda  satmaýan,

At-don geýip, berip, beglik etmeyen,    

Il gadyryn bilen soltan bolarmy?


Adam bardyr adamlaryh bozduraýa,

Şeýtan bolup, dogry ýoldan azdyran,

Hatyň, sözüň öý arada gezdiren —

ýigreňjidir, aňa güman bolarmy?


Magtymguly diýer, bu sözüm çohdur,

Men ejap edermen, hiç aýby ýokdur,

Kitap okan gullar magnydan dokdur,

Anlaryň kalbynda şeýtan bolarmy?