GEÇER  SÖZI  JANYŇDAN
										
										
										Deňsiz bile deň eýleseň özüňni,
										Dert boluban, geçer sözi janyňdan,
										Yrak bolma gadryn bilen gardaşdan.
										Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyňdan.
										
										
										Sabryň bolsa, subhan ýeter dadyňa,
										Jeňňi-jedel laýyk däldir  adyna.
										Almaweri ýaman sözi ýadyňa! 
										Tiken bolup durtup geçer donuňdan.
										
										
										Bolan işler barça hakyň işidir.
										Aňa ten bermegen  akmak kişidir,
										Bir ýaman söz jana ýylan dişidir,
										Soksa, zähri asan çykmaz iniňden.
										
										
										Magtymguly, ýalançydyr bu jahan,
										Mesde akyl bolmaz, murtatda-iman,
										Jaýyn tapsa, garynja deý pis duşman,
										Arslan bolup, al götermez şanyňdan.