Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BAGLAR, HEÝ

BAGLAR, HEÝ


Kysmat olmaz, gidem uzak ýollara,

Nesip goýmaz, gider ýolum baglar heý,

Haýran, Mejnun bolup çykdym çöllere,

Baryp mesgen tutam sizi, daglar, heý!


Oýun bile oglanlygyň deminden,

Geçdim-geldim  kämilligiň çeminden,

öňlüm lerzan boldy dunýä gamyndan,

Tutdy synam çapraz-çapraz daglar, heý !


Gaýda-gaýda oglanlygyň raýyndan,

Ýetip geldim kämilligiň paýyndan,

Batdy başym, çyka bilmen laýyndan

Ýada düşer öňki gezen çaglar, heý!


Jahyllykda çar  tarapa  atyşan,

Bilmezlikde ham işlere gatyşan,

Ejiz galyp, garrylyga ýetişen,—

Dert edinip, öz-özünden aglar, heý!


Magny aňlan Magtymgulyň sözünden,

Pikre düşer, gan ýaş akar gözünden,

Hemme zatlar tagýyr tapar özünden,

Ýa reb, ýykylmazmy beýik daglar, heý!