Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

UÇA  BILMEN   NEÝLÄÝIN

UÇA  BILMEN   NEÝLÄÝIN


Köňlüm  istär,  gezsem  dünýä-älemi,

Ganatym ýok, uça bilmen, neýläýin!

Okyr men, görer men barça kelamy,

Manysyny saça  bilmen,  neýläýin!


Köpler anda guwwas bolup ýüzerler,

Maňa zahyr, halkdan  pynhan gezerler,

Gül badada  gülgün şerap ezerler,

El uzadyp, içe bilmen, neýläýin!


Ýitdi ýolum, dag kaýsydyr, düz kaýsy,

Aňmaz köňlüm, magny kaýsy, söz kaýsy,

Pähm eýlemez, ýol kaýsydyr, yz kaýsy,

Umyt üzüp, gaça bilmen neýläýin !


Magtymguly bu dünýäniň namysyn,

Ýygyp- düýrüp, ýele berdim hamysun,

Pekir derýasyna aklym gämisin,

Batyrmyşam, çyka bilmen, neýläýin !