Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HATYN  NÄBILSIN

HATYN  NÄBILSIN


Türkini oňarmaz niçe mollalar,

Arap tilin, diwan hatyn näbilsin:

Elipden şermende gury selleler,

Her sözün ýagdaýyn, ýatyn näbilsin.


Ekseň bar getirmez ol gury söwüt,

Akylsyz — nadandyr, almaz hiç öwüt,

Dogmadyk bigaýrat, täsipsiz ýigit

Ýagşy mahbup, gatyr, atyn näbilsin.


Barar otyr her kim salsa düşekler,

Bagda durmaz yzzat görse eşekler.  

Obada ülpülläp gezen pişikler

Goňşy-golaň, aslyýetin näbilsin.


Magtymguly, ýigit dogsa lagnaty,

Möhümiň bitirmez, goýar minneti,

Harpyn harap eder, bozar lezzeti,

Astyn, üstün, teşdid, metin näbilsin.