Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HER ÝANA

HER ÝANA


Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,

Göz salyp gezsem her ýana;

Ýa ýaradan, bir hemra ber,

Kök muşakgat degdi jana.


Bir ýar bergil etli, ganly,

Dil bilen, akly kemally,

Köňli  giň, göwsi meýdanly,

Ýüzi hem bolsun görkana.


Gadyr bilenden daş etme,

Nägadyra ýoldaş  etme,

Til  bilmez  bela duş etme,

Sada dil bolsun, türkana.


Boýy uzyn, pes bolmasyn,

Hetden aşa mest bolmasyn,

Akylsyz näkes bolmasyn,

Sadadan bolsun-türkana.


Ýagşy aýal ele gelmer,

Nadan ýagşyň gadryn bilmez,

Aýalsyza mydar bolmaz,

Dönseň hökmi-Süleýmana.


Magtymguly, ýansam-bişsem,

Ynanmazlar, oda düşsem,

Höwesim bar, bir ýar guçsam,

Diýsem sözlerim erkana...