Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DÖNDI

DÖNDI


Ýüzi mahy-tabanym,

Gün ýaly aýa döndi,

Çarh oldy nerdiwanym,

Gök paýa-paýa döndi.


Bir gün aşyk şowh oldy,

Gam-gussasy çoh oldy,    

Her kirpigiň ok oldy,

Gaşlaryň ýaýa döndi.


Aşygy saldyn, oda,

Goýduň gitdiň uýada,

Günorta  berdiň wada,

Wagt geçdi, saýa döndi.


Müň söwdam bar, bir başym,

Goýdum  ilim,  gardaşym,

Aglamakdan gözýaşym,

Joşgunly çaýa döndi.


Derman bolmaz allaja,

Zat bermezler mähtäje,

Baýlar döndi gallaja,

Pakyrlar baýa döndi.


Magtymguly, gezende,

Rumy-kaýsar düzünde,

Gözel ýaryň yzynda,

Ömrümiz zaýa döndi.