Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SIL BILÄNI

SIL BILÄNI


Dag, dereler lerzan urar,

Owsun atyp, sil biläni.

Azaşanlar yşga ýortar,

Aýra  düşüp, ýol biläni.


Namart  içde syr saklamaz,

Akylsyz hiç söz beklemez,

Mert  ýigit baryn ýoklamaz,

Her iş gelse il biläni.


Derýalary joşdurar sil,

Bir birewden aýyrar til,

Ganat kakyp saýran bilbil,

Meýlis eýlär gül biläni.


Guşdan gorkan ekmez dary,

Sünbüllerin böler peri,

Hüjüm eýlär barça ary,

Gabat gelse bal biläni.


Karun gezdi çoh mal alyp,

Hars urdy efsun  çalyp,

Magtymguly, mejnun bolup,

Gitsem gerek çöl biläni.