Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝAR  GEREKDIR

ÝAR  GEREKDIR


«Menem» diýen goç ýigide

Bir mynasyp ýar gerekdir.

Arap at ýowly ýigide,

Almaz  zülpikar  gerekdir.


Ýigit öler il üstünde,

Janyn  berip din üstünde,

Goç ýigitler döwüşende,

Namys bilen ar gerekdir.


Bäş gün köňül hoş etmäge,

Saçak ýazyp, nan dökmäge,

Abraý alyp, at etmäge,

Golda  bendi-bar gerekdir.


Mekgä baran  bolar hajy,

Aýralyk ölümden ajy,

Goç ýigide — ar gylyjy,

Aşyga didar gerekdir.


Artdyr   pelek  ahy-zaryň,

Alar elden ygtyýaryň,

Magtymguly, söwer ýaryň,

Syýa zülpi tar gerekdir.