Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NÄLER  GÖRÜNER

NÄLER  GÖRÜNER


Seýl edeliň bu jahana,

Jahanda  näler görüner.—

Isgender, Jemşit saldyran,

Beýik binalar görüner.


Meşeleri şir-peleňli,

Gülgüzar nowça bileňli,

Gün düşmedik ter ölenli,

Çeşmeli çaýlar görüner.


Çaglan ýalan dünýä,  çaglan!

Ne gülen galar, ne aglan...

Gar ýagmyrlap, burjy baglan,

Keremli daglar  görüner.


Serinden dumany gitmez,

Eýýam geçip, ýere batmaz,

Garryp galmaz, ölmez, ýitmez,

Gorganly daglar görüner.


Ne watan galar, ne çeten,

Senemler seýl edip öten,

Toty, bilbil mesgen tutan,

Howaly baglar görüner.


Magtymguly, kim bar ölmeýe?

Ajal doýmaz, zemin dolmaz,

Asman  inmez, ýer  çöwrülmez,

Gun  ýörir,  aýlar görüner,,,