Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DURASYŇ GELER

DURASYŇ GELER


bardyr, gözellerden zyýada,

Anyň hyzmatynda durasyň geler,

Edepli-erkanly, mylaýymzada,

Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.


Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy,

Garanky gijede düşer ýalkymy,

Sözlegen sözleri  misli bal kimi,

Tapyp, nirde bolsa, alasyň geler.


Gözel bardyr, günde-günde görmeli,

Şol gözelniň syýa zülpün örmeli,

Döküp hazynanyň zerin bermeli,

Anyň söwdasynda bolasyň geler.


Gözel bardyr, ak kagyzdan bilegi,

Jan içinde bile bolar ýüregi,

Şeýle gözel bolar merdiň geregi,

Ne hajat istese, beresiň geler.


Magtymguly, syn gerekdir gözele,

Herne kysmat bolsa, tartar özele,.

Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,

Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.