Akmak bilen syrdaş bolsan, bir sagat,
										Pynhan syryň  saklap bilmez, daş döker!
										Dostluk açsaň bir biwepa ýar bilen 
										Gaýgy bilen dahanyndaň diş döker.
										
										
										Bedasyl götermez bäş gün mesligi,
										Kelpezä ýutdurmaz ajdar maslygy,
										Bilgin, uzak gitmez aýy dostlugy,
										Gahry gelse, depäň üzre daş döker.
										
										
										Bedewni tanymaz har bakan sarwan,
										Jomardy il tanyr, adyly-diwan,
										Aty meýdan tanyr, hümmeti  myhman,
										Jomart ogly supra ýaýyp, daş deker.
										
										
										Ýigidiň maksady mahbup, ýarag, at,
										Il derdine namys getir bigaýrat,
										Obada jeň tapsa sansyz bidewlet,
										Mert oglunyň depesinden muş deker.
										
										
										Magtymguly, aýdar, ýigitler başy,
										Mejlisde köp bolar onuň syrdaşy,
										Jeň wagtynda ýigitleriň serhoşy,
										Il üstünde namys bile baş döker.