Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARMY,  ÝARANLAR

BARMY, ÝARANLAR


Yşk ýolun höwes eýläp,

Gelen barmy, ýaranlar?

Derdimni  beýan etsem,

Alan barmy, ýaranlar?


Ýalan dünýäni ýaýnap,

Hem gezgil gülüp, oýnap,

Yşk gazanynda  gaýnap,

Ölen barmy, ýaranlar?


Yşk duş bolsa bir merde,

Toz bolar, döner gerde,

Meniň deý özün derde,

Salan barmy, ýaranlar?


Bardy halym ölümge,

Tap etmeýen zulumga,

Ýyglamaýan  halymga,

Gülen barmy, ýaranlar?


Magtymguly, jan çekse,

Rehm etmezler, ýaş dökse,

Yşkyň ýolunda ýoksa,

Talaň  barmy,  ýaranlar?