Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DERT OLDY

DERT OLDY


Köňül berdim bir biwepa mahbuba,    

Çykdy elden, dagy jana dert oldy,

Aşyk diýr: bakmanam imdi ol huba,

Ýol üstünde duşdy gözüm, tört oldy...  


Tugunym tor bolup, gaçdy saýýatdan,

Göwre gamdan doldy, ýürek hem otdan.

Gorkararam ýar bizi çykarar ýatdan,

Aýry ýere mesgen tutdy, ýurt oldy...


Sonam el bermedi, saldym  bazymy,

Laçyn kowdy, garga aldy gazymy,

Şunça pakyrlyga urdum özümi,

Tilkilenip gezdim, adym gurt oldy.


Magtymguly, ýüregimde dert durar,

Kim görüpdir, goýunlardan gurt dörär?

Eý ýaranlar, mert ýigitden mert dörär,

Kaçan döräp namartlardan mert oldy?