Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

KÖÝMÄN   ÝIGIDE

KÖÝMÄN   ÝIGIDE


Ulalanda, iş hoş gelmez,

Ýaşlykda köýmän ýigide;

Döwlet gelse, özün bilmez

Dogaly doýman ýigide.


Ýamana öwüt hebesdir,

Ýagşy äre bir söz besdir,

 Ýörişini  ýalňyş basdyr,

Ýaňy don geýmän ýigide.


Almaz, kümüş mis görüner,

Dula gyrnak tüýs görüner,

Perizat hatyn pis görüner,

Bir hulky söýmän ýigide.


Magtymguly,ýoldan  çykmaz,

Ýagşy söz ýamana ýakmaz,

Müň söz aýtsaň, biri ýokmaz,

Taňrysy guýman ýigide.