Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ZOR  BOLAR

ZOR  BOLAR


Ýagşylykda ile özün tanydan —

Alkyş alyp, derejesi zor bolar;

Ýaman bolup, ýagşylygy unudan —

Öz yzzatyn gidir, itden har bolar.


Melul bolar myradyna ýetmedik,

Müýnli bolar hak emrini tutmadyk,

0z ryzkyna hiç kanagat etmedik, —

Gözün diker, kişi aşyna zar bolar.


Her kim ýamanlasa deňi-duşuny,

Özi müşgül eder asan işini,

Kim dargatsa akyl bile huşuny,

Eder işin bilmez, şermysar bolar.


Gaýraty kem bolar gahary azyň,

Depgini pes bolar matamda sazyň,

Öýüne barsaňyz bir biniýazyň, —

Ýüz tutsaň, gysylar, köňli dar bolar.


Hazana dönüpdir ömrüm ter güli,

Nazaryn  per tutar ilden  bergili,

Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli, —

Uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar.


Magtymguly,  sözle herne bileniň,

Özüňe kemlik bil aýtman öleniň

Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň,

Senden soňkulara  ýadygär bolar,