Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝANDYM

ÝANDYM


Keşt edip gezen gedalar,

Şasenemi gördüňizmi?

Dolup-daşyp akan çaýlar,

Senem jany gördüňizmi?


Gedalar geldi toý üste,

Senem gyz jana peýweste,

Garyp, sen gaýry ýurt iste,

Şasenemi gördüňizmi?


Kimdir meniň derdim bilen,

Zagpyran dek reňgi solan,

Abyt bolup, şeýda bolan,

Şasenemi gördüňizmi?


Garyp diýer, ýandy janym,

Hem mülküm, hem hanymanym,

Gün-günden ýaman ahwalym,

Şesenemi gördüňizmi?