Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AÇYLMAZMY?

AÇYLMAZMY?


Bahar boldy, gül açyldy,

Meniň gülüm açylmazmy?

Bilbiliň  gany saçyldy,

Meniň ganym saçylmazmy?


Habarym ýok, bahar oldy,

Çemenler lälezar oldy.

Garybymdan habar geldi,

Kerem ýollar açylmazmy?


Şat ýörügen ýollar galdy,

Gül degresin zaglar aldy,

Aşyk ýarym gaýry boldy,

Ýene şerap içilmezmi?


Şasenem diýr ömrüm güli,

Kesildi muhupbet ýoly,

Açyldy  baglaryň güli,

Meniň gülüm açylmazmy?