Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

Ýoluma

Ýoluma


Hiç kim bilmez watanym bar, ilim bar,

Men garyp men, meni ýollaň ýoluma.

Aýralyk bar, jydalyk bar, ölüm bar,

Men garyp men, meni yollaň ýoluma.


Garyp ülkelerde köňlüm sinykdyr,

Bu  jismim içinde janym gonakdyr,

Meniň aşyklygym halka anykdyr,

Men garyp men, meni ýollaň ýoluma.


Deň-duşlarym, beradarlar galyňlar,

Hoşlaşyban meni ýola salyňlar,

Bizden agyrsaňyz, razy bolunlar,

Men garyp men, meni yollaň ýoluma.


Biziň daglar siziň dagdan ötedir,

Kowum-gardaş bizden tama etedir,

Alys ýerde aşyk tutmak hatadyr,

Men garyp men, meni ýollaň ýoluma.