Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SARYÝA

SARYÝA


Meniň üçin bagly bolup galmagyl,

Gidewergil  Halap-Şirwan saryýa,

Bu ülkede töhmet bile ölmegil,

Dolanawer menzil-mekan sarýýa.


Sensiz bu ömrümiz köýsün, kül bolsun,

Aýralyk mütdeti ýedi ýyl bolsun,

Ikimizii  ykrarymyz şol bolsun,

Unutmagyl ähdi-peýman saryýa.


Alajym ýok, galdym bendi baglyga,

Hiç bu gün düşmesin adam ogluga,

Atam berse meni bir baý ogluga,

Zerre gaýgyrmanam bu jan saryýa!


Gülüstandyr derwüşleriň mesgeni,

Bilbil perýat eder, istäp gülşeni,

Eşitseň özgäni aldy diýp meni,

Gitmegeý sen ýowuz güman saryýa!


Gam iýmegil, pelek bizni ýakar diýp,

Sen gidensoň, Senem gaýra bakar diýp,

Wehm eýleme, sözi iki çykar diýip,

Ant içer men azym, kuran saryýa.