Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BIR PERI

BIR PERI


Eý ýaranlar, Diýarbekir ýurdunda,

Aklym aldy ala gözli bir peri.

Indi ölsem gerek onuň derdinde,

Ganym dökdi gara gözli bir peri.


Bilbil bolup gezsem ýaryň bagynda

Säherler saýrasam ýar soragynda,

Şenbe şikarynda, şamgäh çagynda,

Ganym dökdi gara gözli bir peri.


Bir peridir, tawus kibi bezenmiş,

Gaşy keman, kirpik oka gezenmiş.

Aşyklaryň öldürmäge dözenmiş,

Aklym aldy ala gözli bir peri.


Depäniň üstünde gördüm Laçyny,

Tylla şana birle darar saçyny,

Kime diýek, dostlar, köňlüm hoşuny,

Aklym aldy ala gözli bir peri.


Şaapbas diýr, ansyz jany näteýin?

Indi aşyklygyň ýolun tutaýyn,

Ölinçäm, şol ýary sorag eteýin,

Aklym aldy ala gözli bir peri.