Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝERLERE

ÝERLERE


Köp jepalar çekip geldik biz ikew,

Zowky-sapa sürgüdeýin ýerlere,

Iki  aşyk bir-birine goşulyp,

Myradyna ýetgüdeýin ýerlere.


Men gele men, bir perige ohşaýyp,

Ýüzüme  käkiller ýüzden düşeýip,

Egnimdäki çäkmenimni düşeýip,

Gujaklaşyp ýatgüdeýin ýerlere.


Däli köňlüm perwaz eder bir güle,

Gül açyldy, pygan düşdi bilbile,

Hak  ýetirdi ajap-turpa menzile,

Myrat hasyl ýetgüdeýin ýerlere.


Gülnahal diýr, bir-birewge ugraşyp,

Ähdi-peýman, ykrar ile baş goşup,

 Kämidil hasyl et, tilimiz joşup,

Myradyňa ýetgüdeýin ýerlere.