Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BILE BILMEDIM

BILE BILMEDIM


Garyp jan, eşitgil meniň zarymy,

Seniň geldigiňi bile bilmedim,

Terk eýledim namys bile arymy,

Seniň geldigiňi bile bilmedim.


Atam-enem  kowladylar, gitmedim

Gül ýüzüme perdeleri tutmadym,

Şaweledi Hergiz kabul etmedim,

Ýar, seniň geldigiň bile bilmedim.


Aýralyk derdinden aglap öldüňmi?

Ýa bir ýat ülkede saýyl bolduňmy?

O şol gidişinden ýaňy geldiňmi?

Ýar, seniň geldigiň bile bilmedim,


Şasenem diýr Şaapbasyň gyzyna,

Gan agladyp, ýaş doldurdyň gözüme,

Kararym ýok, aglar erdim özüme,

Ýar, seniň geldigiň bile bilmedim.