Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BIÇÄRE

BIÇÄRE


Halapdan munda gelmişem,

Ene, men garybam, garyp,

Terki-watan eýlemişem,

Ene, men garybam, garyp.


Men çekdim köp ahy-zary,

Janym aldy derdi-dagy,

Garyp ussat, men şägirdi,

Ene, yen garybam, garyp.


Rakyplara kaýyl bolma,

Garyp diýseň, maýyl bolma,

Onuň üçin saýyl bolma,

Ene, men garybam, garyp.


Biz hem çekdik jebri-jepa,

Hiç kimden görmedik wepa,

Gözleriňe berem şypa,

Ene, men garybam, garyp.


Al çeçek geýinmyş daglar,

Şüküfte—açylmyş baglar,

Tilim saýrar, didäm aglar,

Ene, men garybam, garyp.


Garyp aşyk, içip jamy,

Gezdi Halap, Rumy, Şamy,

Geldi — alar Şasenemi,

Ene, men garybam, garyp.