Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GARYBYM

GARYBYM


Hoş geldiň, Garybym;  sapa gelip sen,

Gutly bolsun menzil-mekan, Garybym,

Söhbet et, rakyplar duýmazdan burun,

Ganymatdyr hemin zaman Garybym.


Gorkunjym köp, şum rakyplar duýarlar,

Duýsa, seni gyrmyz gana boýarlar,

Seni öldürerler, meni goýarlar,

Bu zamanlar niçik zaman, Garybym.


Saňa peýwestedir jany-jahanym,

Sen-sen täji-serim, ruhy-rowanym.

Saňa pida bolsun bu şirin janym,

Ýoluňda gurbandyr bu jan Garybym,


Wehim etme, Şasenem gaýry bolar diýip,

Bir namardyň terhosyny alar diýp,

Sen ölensoň, gaýry bilen bolar diýp,

Getirme köňlüňe güman, Garybym.


Şasenem diýr, dünýe barym seniňdir,

Ýowuz günüm, namys-arym seniňdir,

Göwsümdäki goşa narym seniňdir,

Synam saňa tagty rowan, Garybym.