Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÜZER EÝLEME

GÜZER EÝLEME


Gel, Garyp, gaýt raýyňdan,

Özüňden hazar eýleme:

Meniň hezil sözüm üçin,

Senemden güzer eýleme.


Soldurma muhupbet gülün,

Ösdürme aýralyk ýelin,

Ýar baryşan uzak ýoluň,

Bu gün muhteser eýleme.


Gel, ynandyram özümni,

Hak gara kylsyn ýüzümni,

Meniň bu hezil sözümni,

Rasllyga bazar eýleme.


Tutma aýralyk hyýalyn,

Boýnuňa alma webalyn,

Şikeste Senemiň halyn,

Andan hem beter eýleme.


Gitme, dogry ýoldan dönüp,

Akjanyň ýüzünden tänip,

Meniň sözüme ynanyp,

Aýralyk eser eýleme.