Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝANDYRMA BEÝLE

ÝANDYRMA BEÝLE


Eşit meiiň arzym, hormatly ene,

Ene, men dertlini ýandyrma beýle!

Ak süýdüň emmişem men gana-gana,

Ene,men dertlini ýandyrma beýle!


Hatara çekilen ýükdür, ner degil,

Meýdanda dökülen läşdir, ser degil,

Namysyn tutmagan kişi är degil;

Ene men dertlini ýandyrma beýle!


Eliňde pyýala ganyma dolsun,

Yşkyňdan gül meňzim sargaryp solsun!

Ýanyp-köýüp, istihanym kül bolsun,

Ene, men dertlini ýandyrma beýle!


Barmagymda ýüzük, tylla gaşlydyr,

Içimde ot ýanyr, gözüm ýaşlydyr,.

Rehm eýle ejize, gara saçlydyr,

Ene, men dertlini ýandyrma beýle!


Bir maňa ýetip siz öwliýäler düýnäp,

Meni heläk etme, öldürme gynap,

Ýa  görjek bolýarmyň yşkymy synap?..

Ene, men dertlini ýandyrma beýle!


Gije-gündiz ýalbarar men habyba,

Syrym aýtma derdim bilmez tebibe,

Şasenem diýr, men gider men Garyba,

Ene men dertlini ýandyrma beýle!