Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HAL LEÝLI

HAL LEÝLI


Sadakaň bolam, galam gaşly dilberim,

Amanda bolsa sen, ýene gelinçä.

Kaddy tubi, lebi şeker nigärim,

Bakaram ýoluňa, täki ölinçä.


Gamzaň oky degip,'dökdi ganymy,

Şum rakyplar duýsa, bozar şanymy,

Alladan razy men, alsa janymy,

Sensiz ömrüm gaýry bilen bolynça.


Akja bilen seýil eýlediň bu  zaman,

Kyrk Keniz eliňde süredir döwran,

Gaýytgyl  raýyňdan, janymdyr gurban,

Ölen  ýgşý, sen dilberden galynça.


Gözlerim ganynça, görem ýüzüňni,

Ne beşer, ne peri diýrler özüňni,

Mejnun kibi çölde alsam yzyňny,

Ýansam gerek seni tapyp  alynça.


Çyn aşyklar ýalbaradyr dostuna,

Şum rakyplar aýralygyň kastyna,

Garyp diýer, keten köýnek üstüne,

Hiç dynmanam, gözde ýaşym sylynça.