Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

EGLENME

EGLENME MUNDAN


Indi söhbet wagty ötdi,

Git, Garyp, eglenme mundan!

Aýralygyň wagty ýetdi,

Git, Garyp, eglenme mundan!


Näler gördüm seniň waslyň,

Barabary ýokdur aslyň,

Bir gül erdiň, ötdi paslyň,

Git, Garyp, eglenme  mundan!


Sen baryňda, güle bilmen,

Bu ne dertdir, bile bilmen,

Seniň üçin öle bilmen,

Git, Garyp, eglenme mundan!


Bähre tapman bu watandan,

Şirin  janyň çykar tenden,

Şasenem diýr, geçdim senden,

Git, Garyp, eglenme  mundan!