Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TIRKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
BARA  BILMEDIM GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

DERDIŇDEN


Gulak salyp, eşit menin arzymny,

Günbe-günden beter boldum derdiňden.

Näler çekdim pyrakyňda, hijriňni,

Ganlar ýyglap, öter boldum derdiňden!


Mähnetli bagbana hyzmat eter men,  

Bilmen, maksadyma haçan ýeter men,

Bu dert ile başym alyp kiter men,

Özge watan tutar boldum derdiňden.


Garyplykda sen gelmediň gaşyma,

Rehm etmediň gözden akan ýaşyma, 

Ajal ýassygyny goýup başyma,

Ýar-ýar diýip, öter boldum derdiňden.


Çemen baglap, nama ýazyp gönderdim.

Sen diýip, özgeden ýüzüm dönderdim,

Döwlet çyragyny aglap söndürdim,

Bigänelik eder boldum derdiňden.


Garyp aýdar, «kel» goýup men adymy,

Bu watanda kişi bilmez zadymy.

Senden özge kime aýtaý dadymy,

Saňa dadym aýtar boldum derdiňden.