Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARA  BILMEDIM

BARA  BILMEDIM


Bäş ýyl boldy, aýra düşdüm ýarymdan,

Alajym ýok, ýara bara bilmedim.

Hiç kim habar almaz meniň halymdan,

Alajym ýok, ýara bara bilmedim.


Ötenden, geçendsn habar alaly,

Sözlegsnde, şirin dili senaly,

On barmagy bogun-bogun hynaly,

Alajym ýok, ýara bara bilmedim.


Bäş ýyl  boldy, men gelmişem amana, ;

Senemjanyň, bary-ýogy gümana,

Kişi ýardan aýra düşse ýamana,

Alajym  ýok, ýara bara bilmedim.


Bäş  ýyldyr, synamda köpdür armanym,

Çykar boldy indi tenimden janym,

Gije-gündiz  pikrim — Senem  soltanym,

Alajym ýok, ýara bara bilmedim.


Barçany ýaradan kadyr hudaýym,

Şasenem gyz diýirler, köňül hoşgähim,

Garyp ýok, diýir, tilimdedir senahym,

Alajym ýok, ýara bara bilmedim.