Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SENEMIŇ

SENEMIŇ


Işign eýwanly,bakjaly, bagly,

Hoş ajap jaýlary bardyr, Senemiň,

Ajap tomaşaly hem ak otagly,

Bostanly seýrany bardyr Senemiň.


Senemiň gaýgysyn weýran etmäge,

Bagy bar, sallanyp seýran etmäge,

Kirpigi jesedim haýran etmäge,

Başynda jygasy bardyr Senemiň.


Özi hoş gylykly, goly sazlydyr,

Algyr laçyn guşly, tugun, bazlydyr,

Bagly, serhowuzly, guba gazlydyr,

Kölunde sonasy bardyr Senemiň.


Gözelden gözeli köp bolar parhy,

Ýetişmez olara huplaryň nyrhy,

Atasydyr göýä pelegiň çarhy,

Perizat enesi bardyr Senemiň.


Gelipdir aşyklar jandan geçmäge,

Aşyklaryň batyl ýolun açmaga,

Gülgün käsä guýup, şerap içmäge,

Tylladan binasy bardyr Senemiň.


Mahy-taban içre misli mahydyr,

Aý-ýyllar çekdigim şonuň ahydyr,

Garyp Şasenemiň kyblagähidir,

Tilinde senasy bardyr Senemiň.