Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NÄZlINIŇ

Näzliniň

Bendiwany bolup galdym,

Bir katdy daly näzliniň;

Ýüzi gül, gözleri nerkes,

Rugsary lagly näzliniň.


Aýralyk ölümden beter,

Müjgänleriň jandan öter,

Düzülüpdir hatar-hatar,

Ak ýüzde haly näzliniň.


Gupbalary oýmak-oýmak,

Galat sözdür ýardan doýmak,

Agzy süýtdir, lebi gaýmak,

Bulaşar baly näzliniň.


Boýy buhary gamyşdyr,

Dişi ürgenji kümüşdir,

Bahar bolsa, göz gamaşdyr,

Açylan güli näzliniň.


Hallary bardyr halynça,

Seýrana çyksam dalynça,

Her zülpüniň tary inçe,

Ol kaddy daly näzliniň.


Gül tirerler deste-deste,

Arguwan gönderdiň dosta,

Hemra diýer, boldum hasta,

 Köýünde guly näzliniň.