Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GALDY

GALDY


Muhubbetli köňlüm  açyp,

Anda ahy-zarym galdy.

Zülpüni  her ýana saçyp,

Ala gözli ýarym galdy.


Garyplykda  köňül çagym,

Köp boldy synamda dagym,

Ter açylgan täze bagym,

Gülşenim, gülzarym galdy.


Her säherler ahyn çekip,

Gözde ganly ýaşyn dökup,

Jeren kibi oýnap, bökup,

Maral gözli ýarym galdy.


Mansur deý dara çekildim,

Halyl deý nara atyldym,

Ýusup deý müsüre satyldym ,

Onda hyrydarym galdy.


Hemra diýer, öe  ilimde

Hak senasy bir tilimde,

Häzirbejanyn ilinde,

Selbi atly ýarym galdy.